Iňlis dilini öwrenmegiň peýdalary

1. Has köp adam bilen arkaýyn aragatnaşykda bolarsyňyz. 

Daşary ýurt dilini öwreneniňizde, düýbünden başga adamlar bilen gürleşmek üçin  mümkinçilik bolýar. Bu halkara kompaniýasynda ýa-da syýahatyňyzda gaty peýdaly bolar.

2. Syýahat etmek size has aňsat bolar.

Daşary ýurt dilini bilmek dünýä gapylaryny açýar. Başga dilde gürlemek ukyby, baryp görýän ýurduňyzyň dili bolmasa-da syýahaty aňsatlaşdyrýar. Belki, käbir ýerli ýaşaýjylar muny ikinji dil hökmünde gürleýärler.

3. Iş mümkinçiligiňiz köpeler  we has ýokary aýlykly işlärsiňiz.

Häzirki wagtda iş meselesinde bir dili bilmek hökmany, ýöne ikiden köp bilmek has peýdaly. Başga dilleri bilmek, sizi beýleki dalaşgärlerden tapawutlandyrar. Bu goşmaça ussatlyk bilen has ýokary aýlyk garaşyp bilersiňiz.

4. Täze adamlar  tanarsyňyz.

Iş toparyňyzda täze adamlar bilen tanyşyp bilersiňiz ýa-da syýahatyňyzda öwrenen diliňizde gürleýänler bilen  tanyşyp bilersiňiz. Başga adamlardan ylham almak  üçin ajaýyp pursatlardan peýdalanarsyňyz.

5. Gözýetimiňiz giňeler.

Dil öwrenmek dünýäni başgaça görmäge mejbur eder. Başga dil öwreneniňizde, dünýäni has gowy görersiňiz.
6. Söz baylygyňyzy köpeldýärsiňiz.
Daşary ýurt dilinde sözleri öwrenmek, ene diliňizdäki söz baýlygyňyzy hem giňeldýär. Siz düýbünden täze sözleri öwrenip bilersiňiz ýa-da eýýäm bilýän sözleriňizi has manyly düşünip bilersiňiz.

7. Dil öwrenmek beýniňiz üçin maşkdyr.

Diliň täze gurluşyny we grammatiki sistemasyny öwrenmek beýniňiz üçin maşk ýalydyr. Dili öwrenenimizde, beýin güýjüni ýokarlandyryarys.

8. Beýleki medeniýetlere sezewar bolarsyňyz.

Täze medeniýet hakda öwrenmäge mümkinçilik bolýar. Ýurduň däp-dessurlary we taryhy barada öwrenip bolýar. Başga-da, diliň nähili ösendigini we haýsy dilleriň oňa täsir edendigini öwrenýärsiňiz.

9. Halkara filmlerden, aýdym-sazdan we edebiýatdan lezzet alyp bilersiňiz.

Dilde iň oňat halkara eserlerini okamak we olary awtor hökmünde tanamak.

10. Köp dili bilmek sizi köp adam  edýär we ýadyňyzy gowulaşdyrýar.

Beýin üçin iki meseläniň arasyndan geçmek ýalydyr we şonuň üçin dil öwrenmek  ukybyňyzy ösdürer. Daşary ýurt sözlerini öwrenmek ýadyňy gowulaşdyrar.

Iňlis dilini öwrenmegiň peýdalary
Scroll to top